BILIM

Türkmenistanda “Nazary mehanika” dersi boýunça halkara internet olimpiadasy geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Nazary mehanika” dersi boýunça IV Açyk halkara internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Halkara derejesindäki bu olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 22-sindan talyp ýaşlaryň 184-si, 17 daşary ýurt döwletleriň 85 sany ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlaryň 517-si, umumylykda 107 ýokary okuw mekdebinden 700-den gowrak talyp ýaşlar gatnaşýar.

Halkara internet olimpiadasy 5 gün dowam edip, talyp ýaşlar şahsy we toparlaýyn görnüşinde bäsleşerler.

Halkara internet olimpiada Türkmenistanyň sanly bilim ulgamynda gazanan netijelerini, ýaşlaryň innowasion tehnologiýalaryny ulanmakda ukyp başarnyklaryny görkezýär, şeýle hem Milli ykdysadyýetiň durnukly ösýän şertlerinde bilim tehnologiýalaryny netijeli ulanmaga, zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam berýär.

Ýene-de okaň

«Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

CNPC: Hytaýyň Nebit uniwersiteti üçin kabul edişlik başlandy

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna! Rumyniýa okuw üçin resminamalar kabul edilip başlandy

Türkmen ýaşlary 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýa okuwa iberiler

Günorta Florida uniwersitetinde kiberhowpsuzlyk we emeli aň kolleži döredilýär

Türkmen talyplary matematika olimpiadasynda 26 medal gazandy