TEHNOLOGIÝA

Türkmenistanda milli elektron poçta we “Messenger” ulgamy döredilýär

Türkmenistanda täze milli elektron poçtasyny we “Messenger” programmasyny işe girişmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Bu barada sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmentelekom” elektrik kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan täze döwrebap milli elektron poçtasyny döretmek üçin programma üpjünçiliginiň taýýarlanandygy we onuň synagdan geçirilýändigi mälim edildi. Bu programma çözgüdi poçta hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän moduly öz içine alýar.

Sanly ykdysadyýeti işjeňleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri ýurdumyzda ilkinji milli onlaýn hat-habat alyş çalşygy “Messenger” programmasyny we mobil goşundysyny döretdiler. Internet ulgamy arkaly bu ykjam programma üpjünçiligi bilen onlaýn görnüşinde hat habatlary alyşmaga we toparlaýyn söhbetdeşlikleri gurnamaga, sesli we wideo jaňlary amala aşyrmaga, dürli görnüşdäki elektron faýllary ugratmaga we kabul etmäge mümkinçilik emele gelýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, kommunikasiýa toplumyny sanlylaşdyrmak meseleleri barada durup geçip, ýurdumyzyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň giň ulgamly internet giňişligine goşulmak arkaly aragatnaşyk hyzmatlarynyň  möçberini we görnüşlerini artdyrmagyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz täze milli elektron poçtasyny we “Messenger” programmasyny herekete girişmek barada alnyp barylýan işleri çaltlandyrmak barada tabşyryklar berdi.

Internete birikmezden (offline ) habarlary okamak: Saýlamak mümkinçiligi

Applikasiýamyz offline işleýär we Siz internete birikmedik wagtyňyz hem Ata Watan habarlaryny okap bilersiňiz! Şeýle hem  islän habaryňyz boýunça Size hususy bildiriş gelmegini sazlap bilersiňiz!  Siz “sada görnüşi” saýlap WIFI ulgamyna birikmedik wagtyňyz mobil internetiňizi tygşytlap bilersiňiz! Ine biziň täze applikasiýamyzyň esasy aýratynlyklarynyň käbirleri!

Applikasiýamyzy indirip alyň

Siz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com    saýtynyň  täzelenen applikasiýasyny  öz mobil telefonyňyza indirip almak isleseňiz şu ýere basyň!  Applikasiýany ýüklemek üçin şeýle hem  Google Play-dan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp gözleg edip bilersiňiz!  Aşakdaky suratyň üstüne basmak bilen Applikasiýany ýüklemek mümkin! Applikasiýamyzy indiriň we aşakda sanaýan aýratynlyklarymyzy halajakdyňyza ynanýarys!

Ýene-de okaň

Mongoliýada Bütindünýä awtoulagsyz güni bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti “Kazan Digital Week 2023” forumyna gatnaşdy

Ilon Mask: “X” ( Twitter) ýakyn wagtda doly tölegli bolup biler

Ata Watan Eserleri

Ärdogan Masky Türkiýede zawod gurmaga çagyrdy

Ata Watan Eserleri

Hytaýda aeroportlaryň sany 500-e ýeter

Fransiýa “Iphone 12” telefonuny gadagan edermi?

Ata Watan Eserleri