TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Türkmenistanda maglumata elýeterlilik merkezini dörediler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça geçirilýän işler baradaky hasabatynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Maglumata elýeterlilik merkezini döretmek baradaky teklibi hödürledi.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde berlen hasabata görä, Koreýa Respublikasynyň Ylym we maglumat tehnologiýalary ministrligi ýokary tizlikli internet ulgamyny gurnamak üçin döwrebap aragatnaşyk enjamlary, kompýuter serişdeleri, zerur serwerler, tor we programma önümleri bilen üpjün edilen Maglumata elýeterlilik merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi.

Bu teklip Bilim ministrligi tarapyndan öwrenildi hem-de oňa bilim ulgamynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny giňeltmekde möhüm ädim hökmünde baha berildi. Bu merkez ýurdumyzyň sanly bilim ulgamynyň tehnologiýa we innowasiýa esasynda ösdürilmegine, sanly bilim hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegine, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda häzirki zaman elektron okuw-usulyýet binýadynyň döredilmegine, raýatlaryň elektron bilim gorlaryna elýeterliligini üpjün etmek arkaly olaryň web-dizaýn, programmirleme boýunça sowatlylygyny artdyrmaga ýardam berer.

 

YHG-niň XV sammitine taýýarlyk görülýär

 

 

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle