JEMGYÝET

Türkmenistanda lukmançylyk polipropileni we lukmançylyk duzynyň önümçiligi ýola goýlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy hem-de täze şäherde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynda işlenip taýýarlanylýan polipropilenleriň hil we ekologiýa derejesiniň dünýäde ýokary baha mynasyp bolýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew ýurdumyzyň polipropilen hem-de polietilen önümlerinden taýýarlanýan we lukmançylyk edaralarynda yzygiderli ulanylýan sanjym enjamlaryny ulanmak babatda ägirt uly geljeginiň bardygyny habar berdi.

Milli Liderimiz lukmançylyk önümlerini öndürmekde zerur bolan degişli çig mallaryň üpjünçiliginiň, şeýle hem ýerli polipropilen çig malyndan halkara talaplaryna laýyk gelýän lukmançylyk polipropilenini öndürmek boýunça zerur işleriň geçirilmeginiň, önümçiligi meýilleşdirilýän çig mallara we önümlere degişli standartlaryň kabul edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda halkara ISO güwänamalarynyň alynmagy boýunça degişli işler amala aşyrylmalydyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň edara-kärhanalarynda we duz ýataklarynda ýerine ýetirilýän ylmy işler, olary önümçilige ornaşdyrmak boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Gyýanlydaky polimer zawodynda abatlaýyş işleri geçirilende halkara talaplaryna laýyk gelýän lukmançylyk polipropileniniň önümçiligini ýola goýmak, ýurdumyzyň duz ýataklarynda, konserne degişli kärhanalarda halkara görkezijilerine laýyk gelýän lukmançylyk duzuny almak boýunça netijeli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şunda ulanylýan çig mallara degişli standartlaryň kabul edilmegi we olara halkara güwänamalarynyň alynmagy boýunça zerur tagallalar edilmelidr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy

Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan dynç alşa çykar

Talyp-2024: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Ata Watan Eserleri

Lebap welaýatyna täze prokuror bellendi

Talyp-2024: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Türkmenistanda zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyrylar