BILIM

Türkmenistanda “Lu Ban ussahanasyny” dörediler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2025-nji ýylyň 10-njy martynda “Lu Ban ussahanasyny” döretmek we durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik Partiýasynyň Şensi prowinsiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň, Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeýiň nebit hünär- tehniki uniwersitetiniň, Şensi hünär-tehniki kollejiniň wekilýetleri bilen Lu Ban ussahanasynyň hünärkämilleşdiriş okuwlarynyň açylyş dabarasy hem-de iş maslahaty geçirildi.

Duşuşygyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň wekilýeti Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurluşy, okuw binalary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, barlaghanalary, uniwersitetde taýýarlanylýan hünärler we ugurlar hem-de alnyp barylýan ylmy-barlag işleri bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň wekilýeti bilen bilelikde Lu Ban ussahanasynyň taslamasynyň gurluşyk-gurnama işleri, barlaghana enjamlary, şeýle hem “Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi” hem-de “Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)” bakalawr taýýarlyk ugurlary boýunça uniwersitetiň mugallymlarynyň hünär kämilleşdiriş okuwynyň dabaraly açylyşyna taýýarlyk görmek, bilelikdäki okuw maksatnamasyna laýyklykda, Sian nebit uniwersitetiniň magistraturasynda okamak üçin 2025-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetini tamamlaýan zehinli talyplary (uçurymlary) saýlap almak we kabul etmek,  dünýäniň sebitlerini we aýry-aýry ýurtlaryny toplumlaýyn öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Malaýziýanyň türkmen talyplary üçin talyp haklary mümkinçilikleri öwreniler

Garward uniwersitetinde mugt okamak mümkinçiligi: maliýe kömegini giňeldilýär

«Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

CNPC: Hytaýyň Nebit uniwersiteti üçin kabul edişlik başlandy

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna! Rumyniýa okuw üçin resminamalar kabul edilip başlandy

Türkmen ýaşlary 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýa okuwa iberiler