TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Türkmenistanda Koreý medeniýetiniň günleri geçirilýär

Koreý kinosynyň festiwalynyň açylmagy bilen, şu gün ýurdumyzda Koreý medeniýetiniň günleri badalga aldy. Bu çäre iki dostlukly ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şu ýyl bellenilýän 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde üstünlikli ösdürilýär.

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-Çul şanly waka mynasybetli dabaradaky çykyşynda iki dostlukly halkyň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen bu giň gerimli medeni çäräniň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda guralan üç günlük kino görkezilişiniň maksatnamasyny koreý kinematograflarynyň soňky ýyllarda döreden doly göwrümli çeper filmleri düzýär. Olar giň tomaşaçylar köpçüligi, şol sanda çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen hem-de uly meşhurlyk gazanan “Samjin kompaniýasynyň iňlis dili sapaklary”, “Bori” atly filmlerdir. Koreý kinosynyň festiwalynyň eýýäm başlan gününde tomaşaçylaryň sanynyň örän köp bolandygyny bellemek gerek. Olaryň hatarynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dilini öwrenýän talyplary, koreý halkynyň gündelik durmuşy bilen gyzyklanýan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary bar.

Şeýle-de Koreý medeniýetiniň günleriniň çäklerinde 11-nji noýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda koreý milli aşhanasynyň meşhur tagamlarynyň tanyşdyrylyşy, “Hanbok” milli lybasynyň görkezilişi, soňra bolsa Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň hem-de “Gugak” koreý kwartetiniň bilelikdäki konserti bolar. Bu kwartetiň sazandalary öz çykyşlarynda sazyň birnäçe ugurlaryny utgaşdyrýarlar.

Ähli çäreler Türkmenistanyň Medeniýet, Bilim ministrlikleriniň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň goldaw bermeginde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralýar. Şu gezekki medeni çäräniň geçirilmegi iki dostlukly ýurduň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygynyň, olaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda has ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça döredilen Türkmen-koreý işewürlik geňeşiniň hem-de Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň işi uzak möhletleýin, özara bähbitli esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegi üçin amatly şertleri döredýär. Öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň türkmen bazarynda alyp barýan netijeli işleri üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Olar bilen bilelikde birnäçe möhüm taslamalar, şol sanda “Galkynyş” gaz käninde tebigy gazy kükürt bilen arassalaýan zawody gurmak, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak, Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny gurmak boýunça taslamalar amala aşyryldy. Şeýle-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulaglarynyň aglaba bölegini Koreýa Respublikasynda öndürilen awtobuslar we awtoulaglar düzýär.

Ýene-de okaň

«Türkmenfilm» birleşigi täze kinolaryny hödürleýär

Uly çille

Aşgabadyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi

Teswirle