TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanda konsullyk tassyklamalary onlaýn amala aşyrylar

Türkmenistan konsullyk ýazgylarynda hasaba almak işini onlaýn tertibe geçirmek babatda aýgytly ädimi ätmekçi. Häzir Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi konsullyk hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak we resminamalary tassyklamagy internet arkaly ýönekeýleşdirmek maksady bilen, ýörite programma üpjünçiligini satyn almakçy bolýar.

Munuň üçin 30-njy oktýabrda döwlet satyn alyş auksiony geçiriler. Bu çäre Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda bolar.

Daşary ýurtlaryň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň konsullyk hyzmatlary ýurduň daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlarynyň hukuklarynyň doly durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Olar notariusyň wezipelerini ýerine ýetirýärler, konsullyk kanunlaşdyrmasyny alyp barýarlar we beýleki hyzmatlary edýärler.

Konsullyklar daşary ýurtlar bilen syýasy, ykdysady we durmuş-medeni hyzmatdaşlygyň ösmegine hem goşant goşýarlar. Hyzmatlaryň sanlylaşdyrylmagy olara fiziki şahslar bilen gatnaşyklary aňsatlaşdyrmaga we gündelik proseduralary çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berer.

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle