TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistanda izobutan öndürýän desga gurlar

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek baradaky meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berildi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususan-da, nebitgaz toplumynyň edaralarynyň daşary ýurt kompaniýalary bilen harytlary satyn almak, işleri we dürli hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnamalar boýunça işleriň häzirki ýagdaýy barada hasabat berdi.

Soňra döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp barýan işleri, türkmen tebigy gazynyň çykarylmagyny, gaýtadan işlenilmegini hem-de dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

  • Gazyň alnyşynyň mukdaryny artdyrmak üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmagyň esasynda, «Döwletabat» gaz kondensat käniniň guýularynda önümli gatlaga täsir etmek we guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.
  • “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek hem-de tebigy gazyň hem-de gaz kondensatynyň alnyşynyň mukdaryny artdyrmak boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde alnyp barylýan işler hasabatyň aýratyn meselesi boldy.
  • Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmek hem-de ýurdumyzy senagatlaşdyrmak baradaky maksatnamalaryňçäklerinde daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen birlikde, Ahal welaýatynda tebigy gazdan ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa benzini öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny gurmak işleri amala aşyrylýar. Häzirki wagtda bu ýerde tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa bolan, halkara ölçeglere kybap gelýän, ýokary hilli benzin önümçiligi üstünlikli alnyp barylýar.
  • Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Gaz geçirijiniň türkmen böleginde turbalary kebşirlemek işleri ýerine ýetirildi, zerur enjamlary gurnamak işleri alnyp barylýar.
  • Gyýanlydaky polimer zawodynda öndürilýän polietilen önümleriniň özüne düşýän gymmatyny peseltmek, satyn alynýan önümleriň importyny azaltmak üçin zawodyň çäginde izobutan öndürýän desganyň taslamasyny düzmek we ony taýýar edip gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi.

Şeýle hem iş maslahatynyň barşynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ddöwlet konserni tarapyndan Hazar deňziniň ýalpaklygynda we kenarýakasynda geçirilýän gözleg-barlag işleri, Hazaryň türkmen böleginde täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýadarlary çekmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Şunuň bilen bir hatarda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen Goturdepe meýdançasynda alnyp barylýan bilelikdäki işler, şeýle hem Demirgazyk Goturdepe käninde maýa goýumlary çekmek arkaly täze guýularyň onlarçasyny burawlamak hem-de ulanyşa girizmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

“Rosgeologiýa” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegi meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler

Russiýa Özbegistana gaz satyp başlar

Teswirle