TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanda hususy habar saýtlarynyň sany köpelýär

Häzirki günde ýurdumyz baradaky habarlary dünýä halk köpçüligine ýaýratýan hususy habar saýtlarynyň sany artýar, bar bolanlary hem has işjeňleşýär. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty bilen bir hatarda Orient, TürkmenPortal, Türkmenistan Biznes, Türkmenhabar we beýleki habar saýtlary soňky döwürde ýurdumyz we dünýädeki wakalar baradaky habarlary gyzgyny bilen okyjylaryna ýetirmek üçin tagalla edýärler.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň  www.tdh.gov.tm saýty  we www.turkmenistan.gov.tm saýty eýýäm birnäçe ýyldan bäri giň okyjylar köpçüligine habarlary ýetirip gelýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň www.mfa.gov.tm saýty we Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň  resmi  saýtlary köp sanly hususy saýtlaryň esasy habar çeşmesi bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň döwlet edaralaryna degişli birnäçe saýtlar bolsa, soňky döwürde has işjeňleşdi.  Şolaryň hatarynda  Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň www.milligosun.gov.tm,   Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň www.msy.gov.tm we  Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň www.turkmentv.gov.tm  saýtlaryny agzamak bolar. Bu sanawy has artdyrmak bolar, emma gysga seljermämiziň mowzugy hususy saýtlar bolanlygy sebäpli ýokardaky mysallar bilen saklanýarys.

Türkmen Döwlet neşirýat gullugynyň www.metbugat.gov.tm saýty bolsa, ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallarynyň pdf formatyndaky nusgalarynyň jemlenen ýeridir.

Şu ýerde Size Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň   14.05.2020 senesinde neşir edilen “Elektron tehnologiýalaryny ösdürmek üçin düzümleri we şertleri döretmek” baradaky teswiriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine degişli bölümini ýetirýäris.

“…Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň neşirlerini elektron görnüşe geçirmek boýunça tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bu işi guramagyň degişli tertibi taýýarlanyldy. Resminamada öňde durýan wezipeleri çözmek üçin anyk çäreler we elektron görnüşdäki gazetleriň hem-de žurnallaryň düşewüntliligi hakyndaky maglumatlar kesgitlendi.

Ýurdumyz  hakynda nädogry maglumatlara garşy has netijeli göreşmäge mümkinçilik

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň neşirleriniň saýtlarynyň döredilmeginiň syýasy we ykdysady ähmiýeti bardyr. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň giň internet giňişligini eýelemegi ýurdumyz hakynda nädogry maglumatlara garşy has netijeli göreşmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem saýt diňe bir ýazuw maglumatlaryny däl, eýsem, ses ýazgylaryny, anyk wagt esasynda wideorolikleri we beýleki maglumatlary bermäge mümkinçilik berer.

 Neşirýatyň  maliýe çykdajylaryny azaltmak

Gazetleriň we žurnallaryň sanly görnüşe geçirilmegi neşirýatyň maliýe çykdajylaryny azaldar. Kagyz, reňk tygşytlamaga, boş duran neşir enjamlaryny ýörite sargytlar boýunça girdejili esasda işletmäge mümkinçilik berýär.

Dünýä  media bazaryna çykmak

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmagyň içerki maglumat bazarynda bäsdeşligi artdyrar we olaryň dünýä media bazaryna çykmagyna şert döreder.

Maglumat bazaryny umumylaşdyrmak düzgüni internet giňişligine çykarylýan maglumatlaryň Google, Yandeх, Yahoo, Baidu ýaly dünýäniň esasy internet saýtlaryna utgaşmagyny şertlendirer. Şeýlelikde, Diýarymyzyň metbugat neşirleri (gazetler we žurnallar) daşary döwletlerde ýurdumyz barada ýaýradylýan maglumatlardan ilki habarly bolmaklary üçin tiz ýagdaýda öz saýtlaryny döretmekleri maksada laýykdyr.

 Bar bolan metbugat neşirleri hiç hili çykdajysyz we kynçylyksyz neşiriň saýtlaryna taýýar kontenti çykaryp bilerler. Redaksiýalaryň öz saýtlaryny döretmekleri üçin hukuk esasynyň döredilendigini bellemeli. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň elektron resminama dolanyşygy ulgamyny we web-saýtlary döretmegi üpjün etmek hakyndaky Karary hut şu meseläniň çözgüdine gönükdirilendir.

 Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda neşir edilýän ähli gazetleri we žurnallary bitewi internet-saýtda we ykjam aragatnaşykda bermek, her bir neşir üçin aýratyn elektron ugry üpjün etmek, müşderiler üçin onlaýn-abunasynyň mümkinçiliklerini döretmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde dünýä tejribesi öwrenilýär we bu ugur boýunça sanlylaşdyrmagyň taslamasy taýýarlanylýar…”

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle