TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistanda hususylaşdyrmak işi: 32 desga hususylaşdyrylar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakynda kanunçylygyna laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.

Bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, “Türk menawtoulaglary” agentliginiň, “Türk menhaly” döwlet birleşiginiň, Aşgabat şäheriniň we Lebap hem-de Mary welaýat häkimlikleriniň satuwa çykarýan desgalarynyň sanawy “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

Sanawdan görnüşi ýaly ýokarda ady agzalan ministrliklerdir pudak edaralarynyň 32 desgasy satuwa çykaryldy. Sanawda desgalaryň ady, ýerleşýän ýeri, desgalaryň görnüşi (işiniň ugry, gurlan ýyly), binalaryň meýdany (inedördül metr), başlangyç bahasy (manat) we hususylaşdyrmagyň şertleri görkezilendir.

Hususylaşdyryljak desgalaryň hatarynda söwda merkezi, ammar, ýyladyşhana, önümçilik sehler, maldarçylyk fermasy, çeper halyçylyk kärhanasy ýaly desgalar bar.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde öz wagtynda ýüz tutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle-hem Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine degişli däl edara görnüşli taraplary we daşary ýurtlaryň edara görnüşli taraplary çagyrylýar.

Bäsleşikli söwdalar 2021-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň  jaýynda  geçirilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.

Şu maglumatlar aşakdaky internet sahypasynda hem ýerleşdirildi: www.fineconomic.gov.tm

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle