BIZNES

Türkmenistanda Gün we ýel utgaşdyrylan elektrik stansiýasy gurlar

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda daşky gurşawy goramak we ekologiýa taýdan arassa «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanda kuwwatlylygy 10 MWt bolan Gün we ýel utgaşdyrylan elektrik stansiýasyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Onuň taslama işleri Türkiýe Respublikasynyň «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy bilen bilelikde alnyp baryldy. Onuň çäklerinde merkezde işlenilip düzülen programmalar taslama işlerini çalt we ýokary hilli ýerine ýetirmekde giňden peýdalanyldy.

Şu ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda geçirilen iş maslahatyň dowamynda döwlet Baştutany ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşleri esasynda energogurnawlar hünäri boýunça aspiranturany açmagy hem tabşyrdy.

Aspiranturanyň açylmagy Türkmenistanyň strategik milli bähbitlerini durmuşa geçirmek üçin bäsdeşlige ukyply bolan öňdebaryjy düýpli ylmy-barlag işlerini alyp barmaga, amaly ähmiýetli ylym we tehnologiýalar ulgamynda möhüm ylmy-tehnologik ugurlaryň we barlaglaryň hil taýdan täze derejesini döretmäge, ylmy-tehniki işiň netijelerini we täze döredilen tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga, innowasion senagaty, adam mümkinçiligini ösdürmäge, zehinli ýaşlary saýlap almaga we olary tehnologiýalar hem-de ylym ulgamyna çekmäge giň mümkinçilikleri açar.

 

Hormatly Prezidentimiz EKO-nyň Sammitine gatnaşdy

 

 

Ýene-de okaň

Angliýanyň ilkinji milliarder sazandasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halysynyň baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda öndürilýän önümler «TIBCO-2024» sergisinde görkezilýär

Aşgabatda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady

Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň haryt dolanyşygy 44 milliard dollara deň boldy

Ata Watan Eserleri

USAID 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyny geçirýär