BILIM

Türkmenistanda Germaniýadaky işewürlik-okuwlaryna dalaşgärleri saýlap alyş yglan edildi

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we klimaty goramak federal ministrligi bilen bilelikde “Germaniýa bilen işewürlikde hyzmatdaşlyk” (Partnering in Business with Germany) maksatnamasyna gatnaşmak üçin döwlet däl böleginden dalaşgärleri saýlap alma barada yglan etdi.

Saýlap alma “Umumy ykdysady kooperasiýa” ugry boýunça 2025-nji ýylyň tapgyrynyň çäklerinde geçirilýär.

Arzalary kim tabşyryp biler? Maksatnama gatnaşmak üçin dalaşgärler aşakdaky talaplara laýyk gelmeli:

Ýokary bilimi bolmaly.

Telekeçi ýuridiki şahsyň, onuň düzümleýin böleginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly (Aşgabat we Arkadag şäherlerinden ýa-da welaýatlardan).

5 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolmaly, onuň 2 ýyly ýolbaşçy wezipesinde bolmaly.

Iňlis we rus dillerini bilmeli.

Maksatnama gatnaşmaklyk näme artykmaçlyk berýär? Maksatnama Türkmenistanyň we Germaniýanyň telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen.

Onlaýn-görnüşinde okuwlary geçmek.

2025-nji ýylda Germaniýada üç hepdelik iş tejribeçiligini geçmek.

Arzalary nädip tabşrymaly? Resminamalary 2025-nji ýylyň 12-nji martyna çenli Türkmenisatnyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly. Goşmaça maglumatlary, şol sanda gerekli resminamalaryň sanawyny www.fineconomic.gov.tm saýtynda tapyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 39-43-55.

Ýene-de okaň

«Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

CNPC: Hytaýyň Nebit uniwersiteti üçin kabul edişlik başlandy

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna! Rumyniýa okuw üçin resminamalar kabul edilip başlandy

Türkmen ýaşlary 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýa okuwa iberiler

Günorta Florida uniwersitetinde kiberhowpsuzlyk we emeli aň kolleži döredilýär

Türkmen talyplary matematika olimpiadasynda 26 medal gazandy