BIZNES

Türkmenistanda deňziň düýbüni çuňaldyjy gämi ýygnalýar

Türkmenistandaky «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» «Damen Shipyards Group» kompaniýasynyň inženerleriniň gözegçiligi astynda Damen «CSD 650» kysymly deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini ýygnap başlar. Bu möhüm waka, Türkmenistanyň gämi gurluşyk pudagynyň ösüşinde täze tapgyr bolýar.

Damen «CSD 650» kysymly deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini ýygnamak «Söwda Gurluşyk Maslahat» hojalyk jemgyýetiniň sargydy bilen amala aşyrylýar. Bu taslama taýýarlyk görmek üçin «Balkan» zawodynyň Baş direktorynyň orunbasary ýakynda Niderlandlar Patyşalygynyň Nijerkerk şäherinde iş saparynda boldy we şol ýerde deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisiniň synag işlerine gatnaşdy. Bu bolsa onuň tehniki häsiýetleri we işleriň aýratynlyklary bilen tanyşmaga, şeýle hem Türkmenistanda deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini ýygnamak üçin taslama resminamalarynyň we gäminiň böleklerini ýygnamagynyň usullaryny taýýarlamaga mümkinçilik berdi.

Deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisiniň ýygnamak işlerine gönüden-göni gatnaşmakdan başga-da «Balkan» zawodynyň Baş direktorynyň orunbasary Niderlandlar Patyşalygynda iş sapary wagtynda «Damen Shipyards Group» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Bu ýygnaklaryň aýratyn mowzugy Türkmenistanda «Damen» deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisiniň gurluşygyny bilelikde alyp barmak, ýagny lokalizasiýa döretmek boldy.

«Damen» deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisine Türkmenistanda uly islege eýe bolup, ýagny olar deňziň düýbüni çuňaldyş işlerinde, deňziň we içerki suw akabalarynyň çuňaldyş işlerinde, gum we çagyl çykarmak üçin ullanylýar.

Damen «CSD 650» kysymly deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisiniň «Balkan» zawodynda ýygnalmagy, Türkmenistanda «Damen» deňziň düýbüni çuňaldyjy gäimisiniň önümçiligini lokalizasiýalaşdyrmak ugrundaky ilkinji ädim bolar. Bu diňe bir satyn almak üçin çykdajylary azaltmak bilen çäklenmän, täze iş ýerleri döreder, şeýle hem gämi gurluşyk pudagyndaky türkmen hünärmenleriniň hünärlerini ýokarlandyrar.

 

Ýene-de okaň

“Bagtyýar” paromy Russiýa ugrady

Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň maslahaty geçiriler

Türkmenistanyň welaýatlarynda mineral dökünler üçin ammarlar gurlar

Türkmen telekeçileri 135 million dollarlyk oba hojalyk önümlerini eksport etdi

Almatada 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumy geçiriler

Türkmenistanyň pomidorlarynyň eksporty 3 göterim ýokarlandy