JEMGYÝET

Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellendi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etdi. Bu halkara baýramçylygy türkmen döwleti bilen bilelikde ähli dünýä jemgyýetçiligi belleýär.

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli türkmen paýtagtynyň günortasynda Köpetdagyň eteginde Welosiped binasy ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti hem gatnaşdy. Dabara gatnaşanlaryň arasynda hökümet agzalary, Türkmenistandaky daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, rektorlar we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary bar.

Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Hormatly Prezidentimiz baýramçylyga gatnaşanlary Bütindünýä welosiped güni bilen gutlap, bu halkara baýramçylygyň biziň ýurdumyzda giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty dünýä derejesine çykarmak ugurnda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Milli Liderimiz welosiped bilen baglanyşykly paýtagtymyz Aşgabatda birnäçe rekordlaryň hasaba alnandygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi. Oňa watandaşlarymyzyň müňlerçesi gatnaşdy.

12 kilometrlik welosiped ýörişi paýtagtymyzyň merkezindäki döwlet münberinde tamamlandy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Özbegistanyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi Aşgabatda geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rejep Taýyp Ärdogany 70 ýaş toýy bilen gutlady

Türkiýäniň Prezidentine Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” ady berildi