JEMGYÝET

Türkmenistanda biometrik pasportlary resmileşdirmek üçin täze nokatlar açyldy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýat müdirlikleriniň birliklerinde biometriki pasportlary resmileşdirmegiň täze nokatlarynyň açyldy. Bu barada Döwlet migrasiýa gullugy habar beýär.

Berlen habara görä, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň öňünde goýlan wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirmekde bu ugurdaky işleriň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, 2024-nji ýylyň 1-nji aprelinden, Gullugyň Lebap welaýaty boýunça  müdirliginiň Darganata etrap bölüminde, Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň Gyzylarbat etrap bölüminde hem-de Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Tagtabazar etrap bölüminde raýatlara biometriki pasportlary resmileşdirmek hyzmatlary başlaýar.

Şeýle hem sanly ulgamyň hyzmatyndan giňden peýdalanylyp raýatlara biometriki pasportlary resmileşdirmekde resminamalar elektron görnüşinde doldurylyp, raýatyň maglumatnamasyna ýelmenilýän suraty elektron görnüşinde çap edilýär.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň düzüminde harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň, kazyýet we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň we olaryň maşgalalarynyň arzalary Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan ýerleri boýunça ýazga alnan ýa-da Türkmenistanyň çäklerinde wagtlaýyn ýaşaýan ýerleri boýunça hasaba alnan, şeýle hem zerur halatlarda olaryň işleýän ýerleri boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kabul edilýär. Bu bolsa raýatlaryň wagtyny tygşytlamagyna hem-de olara edilýän hyzmatyň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine uly mümkinçilik döredýär.

Ýene-de okaň

Angola Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-de durnukly ulag boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň “Galkan” topary finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary bölegi açyldy

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz ýokary tizlikli Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň ilçisi: Ankara-Aşgabat uçar gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär