TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistanda 8 aýyň makroykdysady görkezijileri

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýanwar — awgust aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim artdy. Ýurdumyzda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan daşary ykdysady syýasatyň netijesinde daşary söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 38,6 göterim ýokarlandy.

Sekiz aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 106,3 göterim, çykdajy bölegi 97,5 göterim ýerine ýetirildi. Býujetiň serişdeleriniň 80,9 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

öwlet Baştutanymyz şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň ýurdumyzyň depginli ösmegini dowam etdirýändigini, görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede saklanýar.

Diýarymyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda täze şäherçeleri, ýaşaýyş jaýlaryny, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, mekdepleri, çagalar baglaryny hem-de beýleki ençeme desgalary görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi dowam etdirmegiň, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň sanawyny we eksport edilýän ugurlaryny giňeltmegiň wajypdygy nygtaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Sankt-Peterburg söwda öýlerini açmakçy

“KamAZ”-yň täze hyzmat ediş merkezleri açyldy

Gümrük ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Teswirle