TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanda 7 ýylda uly möçberde maýa goýumlar özleşdiriler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde eden çykyşynda geljek 7 ýylda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine 278 milliard 900 müň amerikan dollary möçberinde maýa goýumlar gönükdiriljekdigini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öz çykyşynda şeýle diýdi:

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, geljek ýedi ýylda ýurdumyzyň önümçilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, ýaşaýyş-durmuş ulgamyny ösdürmek üçin 278 milliard 900 müň amerikan dollary möçberinde maýa goýumlar gönükdirilýär. Bu ugurda biziň esasy maksatlarymyz şu aşakdakylar, ýagny:

birinjiden, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş goraglylygyny kämilleşdirmek, iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we her bir raýatyň bähbidini göz öňünde tutup, howpsuz ýaşaýşyny goramak;

ikinjiden, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini peýdalanmak, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly pudaklaryň we durmuş hyzmaty ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegini gazanmak;

üçünjiden, Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidigini, örän amatly şertlerde ýerleşendigini göz öňünde tutup, onuň geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlaryny doly möçberde ulanmak;

dördünjiden, Türkmenistany agrar döwlet bolanlygyndan ösen senagat ýurduna öwürmek ugrundaky tagallalarymyz netijesinde ýüze çykýan käbir meseleleri, mysal üçin, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, geljekde ykdysady mümkinçiliklerini has-da berkitmek ýaly meseleleri çözmek;

bäşinjiden, milli hünärmenlerimize, dünýä tejribesine daýanyp, Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, senagat ulgamyny innowasion esasda ösdürmek, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek;

altynjydan, telekeçiligi goldamak, hususy eýeçiligiň hukuklaryny we kepilliklerini ynamly goramagyň ulgamyny döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge ýardam etmek ýaly işler milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmegi çaltlandyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de bu işlere ähmiýet bermek arkaly halk hojalygyny ösdürmekde hususy pudagyň paýynyň artmagy üçin ähli şertleri döretmek;

ýedinjiden bolsa, ekologik abadançylygy üpjün etmek we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek bolup durýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýty dörediler

Ata Watan Eserleri

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi indiki hepde geçiriler

Türkmenistanyň Prezidentine goşun generaly harby adynyň nyşany gowşuryldy

Teswirle