TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Türkmenistanda 510 web saýt bellige alyndy

Türkmenistanda 510 web saýt döredildi we bellige alyndy ― diýlip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 6-njy fewralda geçirilen iş maslahatynda aýdyldy. Şeýle hem ýurtda “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hem-de ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek hem-de işe girizmek boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi.

Mundan başga-da, geçen ýyl ýurtda telefon nokatlarynyň 192 müň 238-si gurnalyp, meýilnama 112 göterim ýerine ýetirildi. 685 kilometr aragatnaşyk ulgamlary çekildi, 266 müň 160 müşderi internet ulgamyna birikdirildi.

Ýurdumyzda aragatnaşyk hyzmatlarynyň ähli görnüşleri sanly ulgam arkaly hödürlenilýär we e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda ýerleşdirildi.

Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda ilkinji “tmchat” milli onlaýn hat-habar alyş-çalyş ulgamy we “sanly.tm” milli elektron poçtasy işe girizildi.

Telekommunikasiýa we informatika institutynyň binýadynda “Sanly çözgüt — IT meýdança” hojalyk jemgyýeti döredilip, hünärmenler tarapyndan ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça sargytlar kabul edilip, olar önümçilige ornaşdyrylýar.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle