JEMGYÝET

Türkmenistanda 335 kilometrlik welosipedli ýöriş badalga aldy

Ozal habar berlişi ýaly, 31-nji maýdan 3-nji iýuna çenli Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ulanmaga berlen Aşgabat — Mary böleginde geçiriljek weloýörişiň umumy uzynlygy 335 kilometre ýeter. Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň başlygy, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Milli tehniki welosport merkeziniň direktory Döwlet Annaýewiň maglumat berşi ýaly, bu ýöriş dört tapgyrdan ybarat bolar.

Ýörişe düýn säher bilen Mary şäherinden badalga berildi. Oňa ýurdumyzyň Ahal, Daşoguz we Lebap welaýatlaryna hem-de paýtagtymyza wekilçilik edýän türgenleriň 53-si, tälimçileriň 7-si we welosipedlere serenjam berýän hünärmenleriň 2-si gatnaşar.

Has takygy, Ahal welaýaty bu ýörişe 4 türgen we bir tälimçi, ýurdumyzyň demirgazyk sebiti 7 türgen, 2 tälimçi we iki sany serenjamçy hünärmen, gündogar sebit 11 türgen, bir tälimçi bilen wekilçilik edýän bolsa, paýtagtymyzdan gatnaşýan türgenleriň sany 31-e, tälimçiler bolsa 3-e ýetýär.

Şu gezekki ýörişe Aşgabatdan ýurdumyzyň sport ulgamynyň weterany, birnäçe gezek uzak aralyga geçirilen welosipedli ýörişlere gatnaşan, şol sanda 1981-nji ýylda Aşgabat — Mary — Aşgabat aralygyny welosipedde geçen, häzirki wagtda hem ýygy-ýygydan Gökdere jülgesinde uzak aralyga welosiped sürmek bilen meşgullanýan 59 ýaşly Serdar Atabaýew hem wekilçilik edýär.

Baharyň iň soňky gününiň ir säherinde başlanan ýörişiň ilkinji gününde onuň iň uzyn tapgyry — 131 kilometr aralygy geçildi. Bu tapgyr günortanlar Babadaýhan etrabynyň çägindäki 239 belgili ýangyç guýujy bekediň awtoduralgasynda tamamlandy.

Şu gün ýöriş ilkinji düşelgeden ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrundaky «Kerwensaraý» söwda we dynç alyş merkezine çenli bolan ikinji tapgyr bilen dowam eder. Bu tapgyryň uzynlygy 104 kilometre ýetýär.

Ertir, 2-nji iýunda bolsa olar bu ýerden Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki sport mekdebine çenli meýilleşdirilen üçünji tapgyrda welosiped sürerler. Ýoluň bu böleginiň uzynlygy 75 kilometrdir.

Ýöriş 3-nji iýun güni şol sport mekdebinden paýtagtymyzdaky «Welosiped» binasyna çenli 25 kilometrlik menzil bilen tamamlanar. Bu ýerden bolsa olar Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda geçiriljek köpçülikleýin ýörişiň kerwenine goşularlar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türgenleri ugratmak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna

Jo Baýden prezidentlige dalaşgärlikden ýüz öwürdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Pakistanda saparda bolar

Türkmenistan-Owganystan-Gazagystan: täze demirýol taslamasy durmuşa geçiriler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 24-nji sentýabrda geçiriler