TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistanda “2020-nji ýylyň iň oňat banky” saýlandy

«Financial Times» neşirýatynyň 1926-njy ýyldan bäri Londonda çykarylýan her aýlyk «The Banker» atly ýöriteleşdirilen žurnaly tarapyndan 2020-nji ýylda Türkmenistanyň “Iň oňat banky” baýragyna Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky mynasyp boldy. Bu maliýe edarasy şeýle abraýly sylaga 14-nji gezek mynasyp boldy.

Milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek hem-de Türkmenistanyň ykdysady taýdan gülläp ösmegini üpjün etmek maksady bilen, giň möçberli maýa goýum syýasatynyň amala aşyrylmagy maýalaryň halkara bazarlarynda ýurdumyzyň Hökümetiniň wekili hökmünde çykyş edýän Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň alyp barýan işleriniň möhüm ugurlarynyň biridir.

Milli ykdysadyýetimize daşary ýurt karzlaryny çekmek babatda bank tarapyndan daşary ýurtlaryň dürli maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň we özara hereketleriň ajaýyp tejribesi toplanyldy.

Bu maliýe edarasy maliýe hasabatyny ýöretmekde öňdebaryjy bolup durýar. Ilkinjileriň hatarynda maliýe hasabatynyň iň döwrebap standartyny – 9-njy MHHS girizdi.

Ygtybarly iş modelini döretmek üçin bank, amallary awtomatlaşdyrmak we dolandyryş tejribesini gowulandyrmak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) bilen hyzmatdaşlyk etdi. Kiberhowpsuzlygy gowulandyrmak üçin çäreler geçirildi, netijede bankyň kart ulgamlarynyň halkara ülňülerine laýyk gelmegini üpjün etmek degişli çäreler geçirildi.

Onlaýn tertipde söwda amallary üçin “Internet-banking” hyzmatyny ýola goýdy. Bank nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen “Milli VISA karty” atly täze bank kartyny ulanyşa girizildi. Bankyň işjeňliginiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri, hususy pudagy ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirmekde döwlete iň ýokary kömegi bermek bolup durdy. Soňky ýyllaryň dowamynda bank hususy pudagy goldamak boýunça öz işjeňligini halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde artdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Bank Amerikanyň “Deere Credit Inc”, OPEK Halkara Ösüş Gaznasy, Aziýanyň Ösüş Banky we Yslam Ösüş Banky bilen birnäçe karz ylalaşyklaryna  gol çekdi.

Bankyň gazanýan üstünlikleri onuň abraýly sylaga mynasyp bolmagyna oňaýly goşant goşdy.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Ýene-de okaň

Gruziýadan gelen telekeçi türkmen dokma önümlerini satyn aldy

Koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşyrjak taslamalary

Bitaraplyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly täze möhletli goýum

Teswirle