Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 2-nji iýunynda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda, 9-njy iýunda bolsa Balkan we Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna başlamaga ak pata berdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, ýurdumyzyň sebitlerinde ýetişdirilen bugdaýyň bereketli hasylyny ýygnamak üçin görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda oba hojalyk pudagy giň gerimler bilen ösdürilýär. Döwletimiz ýerden bol hasyl almak üçin babadaýhanlarymyza ähli şertleri döredýär. Şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda gallanyň bol hasyly ýetişdirildi.
Döwlet Baştutanymyz “Çäjiňize bereket, edermen gallaçy babadaýhanlar” diýip, ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny tüýs ýürekden arzuw etdi.