TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdede Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda Ýaponiýanyň Premýer-ministri, Parlamentiň wekilleri, bu dostlukly ýurduň käbir iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.

Ýaponiýada iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy sentýabrda bu ýurduň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Hosoda Hiroýuki bilen duşuşyk geçirdi.

Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanda ýaşlaryň ýapon dilini içgin öwrenýändiklerini, ýokary okuw mekdepleriniň 6-synda ýapon dili kafedralarynyň hereket edýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, diňe paýtagtymyzyň özünde 12 sany mekdepde ýapon dili öwredilýär. Biz bu işleri mundan beýläk-de güýçlendireris diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tokioda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Ýaponiýada iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji sentýabrda bu ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen iş ertirligi görnüşinde duşuşyk geçirdi. Oňa Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd”, “Komatsu Ltd” kompaniýalarynyň, “ITOCHU”, “Mitsubishi”, “Sumitomo”, “Marubeni”, “Sojitz”, “JGC” korporasiýalarynyň ýolbaşçylary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň ýapon tarapynyň başlygy, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy gatnaşdylar.

Häzirki wagtda-da «Komatsu» kompaniýasynyň bahasy 470 million amerikan dollaryndan hem köp bolan ýer gazyjy tehnikalaryny, şeýle-de «Toyota» kompaniýasynyň deslapky bahasy 90 million amerikan dollary bolan awtoulag tehnikalaryny Türkmenistana ibermek baradaky Baş ylalaşyk durmuşa geçirilýär.

Umuman, ýapon maýa goýumlarynyň Türkmenistandaky jemi möçberi örän saldamly. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän, 230 million ýewra we 17 milliard ýene golaý bolan 38 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Bu sanlar Türkmenistanda ýapon işewürligine, onuň geljegine we ýokary netijeliligine ynamyň uludygyny tassyklaýar, bu ynam üçin ähli esaslar bar.

Türkmenistanyň ykdysadyýetine her ýyl goýulýan maýa goýumlar jemi içerki önümiň, takmynan, 35 — 40 göterimine deňdir. Bu bolsa 17 milliard amerikan dollaryna golaýdyr. Munuň umumy möçberiniň 15 göterime golaýy daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýyna düşýär.

Duşuşygyň dowamynda maýa goýum işjeňligini pugtalandyrmak, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny artdyrmak we gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Ýurdumyzda ozal bar bolan önümçilik-senagat desgalarynyň ikinji tapgyryny gurmak baradaky çözgütlere garaldy. Bu desgalar hakynda aýtsak, Garabogazda 600 müň tonna ammiak, şeýle-de 1 million 155 müň tonna karbamid dökünini, Owadandepede 600 müň tonna gazdan benzin öndürýän zawodlary gurmak, Türkmenabatda ýylda 300 müň tonna fosfor dökünini öndürýän zawodyň gurluşygy, şonuň ýaly-da, ýurdumyzda türkmen we ýapon telekeçileriniň bilelikde 640 müň tonna karbamid we 400 müň tonna ammiak öndürýän zawody gurmaklary meýilleşdirilýär. Bu ugurda ylalaşyga gelmek meselesine Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisinde serediljekdigi bellenildi.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle