BIZNES

Türkmenistan Yslam Ösüş Banky we Singapur bilen port ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

«Turkmendenizderyayollary» agentliginiň edara binasynda “Turkmendenizderyayollary” agentliginiň wekilleri bilen Yslam Ösüş Bankynyň (YÖB) wekilleriniň, şeýle hem Singapur portunyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, Bank Türkmenistanyň milli söwda floty üçin 2 sany Ro-Pax paromynyň gurluşygyny maliýeleşdirmegi meýilleşdirýär.

Bu taslamanyň çäklerinde Türkmenbaşy halkara deňiz portuny kämilleşdirmek we mümkinçiligini ösdürmek üçin Tehniki muzdsuz kömegini bermek hakynda YÖB bilen Ylalaşyga gol çekildi.

Bankyň maliýeleşdiriş taslamasynyň esasy maksatlarynyň ýurdumyzyň gämi gurluşyk pudagyny ösdürmek we höweslendirmek, milli deňiz söwda flotuny kämilleşdirmek, deňiz ulag ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, ýokary hünär derejeli hünärmenleri we bilermenleri taýýarlamak bolup durýandygy duşuşygyň barşynda aýratyn bellenilip geçildi.

Şeýle hem, duşuşygyň çäginde Singapur portunyň wekilleri tarapyndan  Türkmenbaşy  halkara deňiz portunyň ösüşi mowzugy esasynda prezentasiýasy görkezilip, onda deňiz portunyň mümkinçiligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak möhüm taraplary we wezipeleri beýan edildi.

2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Singapuryň arasyndaky hyzmatdaşlygy başlandygyny we onuň esasy ugurlaryň biriniň Türkmenbaşy portunda marketingi ösdürmek bolup durýandygyny bellemek gerek.

Ýene-de okaň

Dünýäde milliarderleriň sany 7 göterim artdy

Maşat şäherinde “STAR EXPO 2023” atly sergi geçirildi

5-nji dekabrda Türkmenistanda baýramçylyk söwdasy başlar

Amerikaly milliarder Çarli Manger aradan çykdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen wekiliýeti Gruziýada geçirilen energetika forumyna gatnaşdy

“EKSPO-2030” bütindünýä sergisi Saud Arabystanyda geçiriler

Ata Watan Eserleri