JEMGYÝET

Türkmenistan YHÖG-nyň sebit duşuşygyna gatnaşdy

2020-nji ýylyň 10-njy iýunynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (YHÖG) Merkezi Aziýa ýurtlarynda hususy pudagyň dikeldilmegine ýardam bermeklige bagyşlanan sebitleýin duşuşyk geçirildi.

Ministrler derejesinde geçirilen onlaýn duşuşyga YHÖG-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Başlangyjyna gatnaşyjy ýedi ýurduň çökgünlige garşy çäreleriň işlenilip düzülmegine we durmuşa ornaşdyrylmagyna jogapkär döwlet edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleri, hususy pudagyň wekilleri, halkara bilermenler, Ýewropa Bileleşiginiň, YHÖG-nyň we beýleki halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wekilçilik etdi.

Onlaýn duşuşygyň barşynda YHÖG-nyň Sekretariatynyň halkara gatnaşyklary boýunça direktory Andreas Şaal, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Ilçi  Peter Buriýan, YHÖG-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Başlangyjyna ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýurduň Hökümeti tarapyndan milli ykdysadyýetiň durnuklylygyny hemmetaraplaýyn goldamak üçin durmuşa geçirilýän çäreleri aýratyn belläp, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň  mümkinçiliklerini, şol sanda bilelikdäki çözgütleriň gözlenilmegi we çökgünlige garşy syýasatyň işlenilip düzülmeginiň mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşdy.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň mejilisine gatnaşdy

Mazenderan welaýatynyň Türkmenistana eskporty artdy

Igor Runow: Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag başlangyçlary möhümdir

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Özbegistanyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy