TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan ÝHHG-niň çäklerinde ynsanperwerlik ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydyr

ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen mejlisinde demokratiýanyň, kanunyň hökmürowanlygynyň we şahsy erkinligiň gymmatlyklarynyň saklanylmagy boýunça bilelikdäki hereketler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri has demoktarik we parahatçylykly ýewroatlantiki hem-de ýewraziýa sebitiniň döredilmegi ugrunda çykyş edýän ÝHHG-niň çäklerindäki işleriň ynsanperwerlik ölçeglerine aýratyn üns berdi.

Ministr Meredow ÝHHG-niň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalarynyň ak ýürekden ýerine ýetirilmeginiň derwaýyslygyny nygtamak bilen, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragy ulgamynda Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi. Geçen ýyllaryň içinde bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň ähmiýetli göwrümi durmuşa geçirildi.

ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde türkmen tarapy ÝHHG-niň ynsanperwer ölçegi boýunça hereketleriniň uzakmöhletleýin Platformasynyň işlenilip düzülmeginiň mümkinçiliklerine seredilmegini teklip etdi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň halkara hukugynyň ýörelgeleriniň, ynsanperwerligiň, özara hormat goýmagyň gymmatlyklarynyň döwletleriň arasyndaky häzirki zaman gatnaşyklary kesgitleýän esasy şertler hökmünde tassyklanylmagy ugrunda mundan beýläk hem tagallalaryny gaýgyrmajakdygy aýratyn nygtaldy.

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

 

Ýene-de okaň

Wolodin: Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyza möhüm ähmiýet berýäris

Türkmenistanyň Prezidenti Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi

Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistana geldi

Teswirle