TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan-ÝHHG: geljek ýyl 68 taslama durmuşa geçiriler

Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda degişli çäreler görülýär. Türkmenistan ilen ÝHHG-niň hyzmatdaşlygy okgunly we netijeli häsiýete eýedir. Şu ýyl bu guramada başlyklyk edýän Albaniýa Respublikasy bilen bilelikde degişli işler hem-de ýurdumyzyň ÝHHG-niň çäklerinde halkara başlangyçlaryny ilerletmek babatda degişli işler geçirildi.

Şu ýylyň 3-4-ji dekabrynda ÝHHG-ä agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnamagynda wideomaslahat görnüşinde mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem 18-nji noýabrda Şwesiýa Patyşalygynyň daşary işler ministri bilen wideomaslahat geçirildi. Şol maslahatda Şwesiýanyň 2021-nji ýylda ÝHHG-ä başlyklyk etjek döwründe ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

ÝHHG-niň 1999-njy ýyldan bäri Aşgabatda hemişelik esasda hereket edýän merkezi bilen geçirilýän işler yzygiderli häsiýete eýedir. Soňky 13 ýylyň dowamynda dürli ulgamlarda bilelikdäki maksatnamalaýyn taslamalaryň 349-sy durmuşa geçirildi.   ÝHHG-niň merkezi bilen gatnaşyklar her ýylky meýilnamanyň çäklerinde amala aşyrylýar. Hususan-da şu ýyl durmuşa geçirilýän meýilnama laýyklykda 41 taslamany ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda 2021-nji ýyl üçin taslamalaryň meýilnamasynyň taslamasy taýýarlandy. Bu meýilnama ÝHHG-niň merkezi bilen ýurdumyzyň döwlet edaralary bilen bilelikde işlenip taýýarlandy. Taslamalaryň 37-sini syýasy ulgamda, 18-sini ynsanperwer ulgamda we 13-sini ykdysady ulgamda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Umuman, 2021-nji ýylda 68 taslamany amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Moskwada saparda bolar

Teswirle