TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan Ýewraziýa patent guramasy bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewraziýa patent guramasynyň (ÝPG) Ýewraziýa patent edarasynyň prezidenti Saule Tlewlesowa bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewraziýa patent guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň ÝPG-niň işjeň gatnaşyjylarynyň biri bolup durýandygy we bu guramanyň esasy resminamasyna – Ýewraziýa Patent Konwensiýasiýasyna goşulan ilkinji döwletdigi nygtaldy.

Türkmen tarapy döwletiň hususy eýeçiliginiň obýektlerini goramak boýunça kanunçylyk binýady kämilleşdirmegi we onuň halkara kanunçylygyna laýyk gelmegini maksat edinen Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň işjeň durmuşa geçirilişi bilen bir hatarda,  bu ugurda ýurduň milli derejedäki esasy hereketlerini beýan etdi.

Agzalan Maksatnamany durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurtda intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramagy üpjün etmegiň meseleleri boýunça Pudagara topar döredildi. Türkmenistan senagat pudagynda halkara patent ulgamyna birleşmegi dowam edýär we ol esasy halkara klassifikasiýany esaslandyrýan şertnamalaryň birnäçesine goşuldy.

Taraplar ÝPG bilen iş ýüzündäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şol sanda milli işgärleriň hünär derejesini, şeýle-de intellektual eýeçiligi goramak bilen bagly hukuk meseleleri boýunça gatnaşyklary ýokarlandyrmagyň mümkinçiliklerine seretdiler.

 

«Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara sergisi geçirilýär

Ýene-de okaň

Tokaýew prezident dalaşgärligine hödürlendi

Türkmenistan IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» parlamentara forumyny Aşgabatda geçirilmek teklip edildi

Teswirle