TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistan ýene-de Özbegistana benzini iň köp eksport eden döwletleriň hatarynda

Özbegistanyň Döwlet statistika komitetiniň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji dört aýynda Türkmenistan goňşy döwlete benzini iň kän eksport eden döwletleriň hatarynda ikinji orny eýeledi.

Komitetiň habar berşi ýaly, Özbegistan ýanwar ― aprel aýlarynyň aralygynda umumy gymmaty 66,4 million amerikan dollaryna deň bolan 207,5 million litr awtomobil benzini import edildi. Görkezilen pul mukdarynyň 22,5 million dollary Türkmenistandan import edilen benzine degişlidir.

Sanawyň birinji ornunda Russiýa Federasiýasy bar. Özbegistandan şu ýyl Russiýadan 39 million dollarlyk benzin satyn aldy. Üçünji orundaky Gazagystan bolsa 4,6 million dollarlyk benzin eksport etdi.

 

Hazar deňziniň türkmen bölegine 19 milliardlyk maýa goýum

 

 

Ýene-de okaň

Bolgariýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hindistanyň söwda dolanyşygy 114 million dollara deňdir

Owganystan Türkmenistan bilen import ylalaşyklaryny baglaşmakçy

Teswirle