TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan-ÝB-niň bilelikdäki komitetiniň onlaýn duşuşygy

2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 19-njy mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi.

Bu duşuşukda Türkmenistana birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda maliýe we ykdysadyýet, daşary işler, bilim, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri wekilçilik etdiler. ÝB-niň tarapyndan, mejlise Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dolandyryjy direktorynyň orunbasary Lýuk Dewiniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa daşary aragatnaşyklar  gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depgini nygtaldy. Syýasy-diplomatik we ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýetini nygtap, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berdiler.  Koronawirus pandemiýasynyň durmuş-ykdysady taýdan zyýanly täsirlerini belläp, taraplar bu ýagdaýy ýeňip geçmekde ylmy, tehnologiki we maglumat serişdeleriniň alşylmagy barada ylalaşdylar.

Energetika, ulag, kommunikasiýalar we sanly ykdysadyýet ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly meselelere garaldy. Haryt dolanşygynyň möçberlerini ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri hem-de Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň hususy sektorlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, taraplar bilim we saglygy goraýyş pudaklary boýunça hyzmatdaşlygyň kämilleşdirilmegi barada pikir alyşdylar. Ekologiýa, oba hojalygy we maliýe ulgamlaryndaky bilelikdäki maksatnamalara we taslamalara seredildi. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň milli we sebitleýin taslamalaryň çäklerinde köp ýyllarynyň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy.

Ýene-de okaň

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Teswirle