Şu ýylyň 18-19-njy maýynda Gazagystanyň Almaty şäherinde “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” 2-nji ykdysady forum geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Şeýle hem bu foruma Ýewropa Komissiýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Waldis Dombrowski, Gazagystanyň premýer-ministri Alihan Smailow, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň administrasiýasynyň ýolbaşçysy, Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow, Täjigistanyň premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary Žamşid Hojaýew, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Odil Reno-Basso we Ýewropa maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Tereza Werçinskaýa gatnaşdy.
Gazagystanyň premýer-ministri Alihan Smailow öz çykyşynda geçen ýyl Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky söwda dolanyşygy 61 göterim artyp, 49 milliard dollara barabar bolandygyny belläp, bu görkezijini görnetin artdyrmak üçin çynlakaýyn goruň bardygyny mälim etdi.
Şeýle hem Gazagystanyň premýer-ministri Alihan Smailow Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag pudagynda öňegidişlikleriň gazanýandygyny belledi. Ol Transhazar halkara ulag geçelgesiniň ähmiýetini belläp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, Hytaýdna ýükleriň Ýewropa eltilmegindäki möhletiň 3 esse azalyp, 53 günden 19-23-güne ýetirilendigini mälim etdi we geljekde muny 14-18 güne ýetirmegiň maksat edinilýändigini mälim etdi.