TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan wodorod energetikasyny ösdürmek üçin “Ýol kartasyny” taýýarlamagy teklip edýär

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekjek ugurlarynyň biri pes uglerodly energetika, hususan-da wodorod energetikasy bolar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirilen Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasyndaky ileri tutulýan ugurlar boýunça maglumatnamasynda bellenilip geçilýär.

Şol maglumatnamada bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistan, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda pes uglerodly energiýany ösdürmek boýunça global strategiýalary, hususan-da wodorod energetikasyny ösdürmek üçin halkara “Ýol kartasyny” taýýarlamak baradaky teklibini täzeden beýan edýär.

Şu maksatlar bilen, 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýada wodorod energetikasy boýunça Ministrler duşuşygyna taýýarlyk görmek üçin BMG-niň Nýu-Ýorkdaky, Wenadaky, Ženewadaky ştab-kwartiralarynda BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň senagat ösüşi boýunça guramasy we BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen bilelikde geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýändigi bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda «Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasy» işlenip düzüldi we tassyklanyldy. 

Wodorod energetikasy – wodorody daşamakda, öndürmekde we sarp etmekde goşmaça energiýa serişdesi hökmünde ulanmaga esaslanan energetikanyň pudagydyr. Dünýäde wodorod önümçiliginiň esasy çeşmeleri üç düzüme bölünýär ýagny, ilkinji nobatda gaz we nebitiň gaýtadan işlenmegi, kömrüň gaýtadan işlenmegi hem-de «ýaşyl» wodorodyň hasabyna ýagny, suwuň elektrolizlenmegi bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Ýene-de okaň

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

Teswirle