TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan we Eýran serhetdäki gözegçilik nokatlaryny güýçlendirýärler

2020-nji ýylyň 30-njy maýynda «Sarahs–Sarahs», «Artyk– Lütfabat» we «Altyn Asyr– Inçeburun» gözegçilik-geçiriş nokatlarynda gurluşygy alnyp barylýan zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek hem-de bu desgalary işe girizmek boýunça Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň hünärmenleriniň bilelikdäki iş toparynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Gurluşyk we binagärlik ministrlikleriniň, “Türkmendemirýollary” döwlet agentliginiň, Türkmenistanyň Döwlet Serhet, Gümrük gulluklarynyň, şeýle hem beýleki degişli edaralaryň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda agzalan desgalaryň işleýiş kadalary, onuň üsti bilen ýükleriň göni ýagdaýda geçirilmeginiň düzgünleri bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Teswirle