TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan UNFPA bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy Aýna Seýitliýewa bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda 2021-2025-nji ýyllar üçin tassyklanylan ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň UNFPA bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen ýyllyk meýilnamalaryň çäklerinde bilelikde üstünlikli alnyp barylýan işleri beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, gender deňligi, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, reproduktiw saglyk we maşgalanyň meýilleşdirilişi ýaly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk nygtaldy.

Taraplar ileri tutulýan ugur hökmünde ýaşlar syýasaty ulgamynda hem özara hereketleriň işjeňleşdirilmelidigini aýratyn bellediler.

Ýene-de okaň

Tbiliside Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisi geçirildi

Türkmenıstanda maşgalalary berkitmek boýunça halkara hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Teswirle