TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Türkmenistan ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär

Türkmenistanyň çäk babatda amatly ýerleşmegi ýurdumyzyň Ýewraziýanyň möhüm üstaşyr-ulag ulgamy hökmündäki berkeýän derejesini şertlendirýär. Bu ulgamdaky bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri dolulygyna amala aşyrmaga çalyşýan ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ulaglaryň ähli görnüşleriniň — awtomobil, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.

Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň, Kerki — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) demir ýolunyň, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtoulag köprüleriniň, Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Türkmenabatda hem-de beýleki şäherlerde iň döwrebap howa menzilleriniň gurlup, ulanylmaga berlendigini göz öňünde tutanyňda, biziň ýurdumyzyň bu ulgamdaky kuwwaty äşgär görünýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlarynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürýär, Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar we Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRACECA) ugurlary boýunça yzygiderli halkara transport gatnawlaryna işjeň gatnaşýar.

Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Türkmenabatda, Kerkide täze halkara howa menzilleri we Türkmenbaşyda deňiz porty guruldy. Bu ädimler Türkmenistanyň sebitde we  onuň daşynda söwda-ykdysady işjeňligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2014, 2015, 2017 we 2021-nji ýyllarda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag boýunça dört sany Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilendigini ýatlatdy.

2016-njy ýylda Türkmenistanda BMG-nyň Durnukly ulag boýunça ilkinji global maslahaty, ýakynda bolsa, ýagny 2022-nji ýylyň awgust aýynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleri derejesinde maslahaty geçirildi.

Bularyň hemmesi dünýä we sebit derejesinde halkara ulag we logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek we berkitmek, häzirkizaman ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek we giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň çäginde Gündogar — Günbatar, Günorta — Demirgazyk ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerinde işler has-da işjeňleşdirilýär. Dürli ugurlar boýunça gämi gatnaw ýollaryny döretmek hakynda gazanylýan ylalaşyklaryň çäklerinde deňiz gämiçiliginiň gerimi giňeldilýär.

Nurmyrat Zülpiýew,

Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan dörediji döwletdir

Sahnalarda nusgawy eserler

Bitaraplyk – ösüşleriň binýady

Ata Watan Eserleri

Teswirle