TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan-Türkiýe ugry: 3 günde 3 ýörite gatnaw

Ozal hem habar berşimiz, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Stambul ugry boýunça 16 sany ýörite uçaryň bolmagyna garaşylýardy. Bu ýörite gatnawlar “Türkmenistan” awiakompaniýasy hem-de Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Ine, soňky 3 günde 16 sany ýörite gatnawyň 3-si amala aşyryldy. “Türkmenistan” awiakompaniýasy 1-nji sentýabrda hem-de 3-nji sentýabrda, ýagny şu gün Stambul ugry boýunça ýorite gatnawyny ýerine ýetirdi.

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy hem 2-nji sentýabrda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawyny amala aşyrdy.

Ozal hem belläp geçişimiz ýaly, Türkhowaýollary” awiakompaniýasy sentýabr aýynda her hepdäniň duşenbe we anna günlerini ýörite uçar gatnawlaryny ýerine ýetirer.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy sentýabr aýynda 7 sany ýörite gatnawy meýilleşdirýär. Bu uçar gatnawlaryň uçuş rejesiniň üýtgäp bilýändigi sebäpli bu gatnawlar baradaky habarlary ozalkysy ýaly amala aşyrylýan günleri dykgatyňyza ýetireris.

Soňky 3 günde “Türkmenistan” awiakompaniýasy göz öňünde tutan 7 ýörite gatnawyny 2-sini amala aşyrdy.

Şu ýerde ýene-de bir zady ýatlatmak isleýäris. Häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasy Dubaý, Kazan, Moskwa we Frankfurt şäherlerine adaty ýolagçy gatnawlaryny ýola goýdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Oleg Kononenko: Türkmenistanyň ösüşine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyryn

Teswirle