“Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan” üçtaraplaýyn duşuşygy barada

“Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan” üçtaraplaýyn dialogyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň duşuşygy 23-nji fewral geçiriler. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi beýanatynda bellenilip geçilýär.

Hususan-da bu beýannamada şeýle diýilýär:

– Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 23-nji fewralda Türkiýe Respublikasyna iş sapary bilen geler. Saparyň barşynda Türkmenistan bilen gün tertibimizdäki ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşmalar meýilleşdirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem saparyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň gatnaşmagynda “Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan” üçtaraplaýyn dialogyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň 5-nji duşuşygy geçiriler. Türkiýäniň daşary işler ministri Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen hem ikiçäk duşuşar.

Okap bilersiňiz  Türkmenistan bilen “Case” kompaniýasy arasynda hyzmatdaşlyk

Duşuşyklaryň dowamynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar we sebitdäki meseleler ara alnyp maslahatlaşylar we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary has-da gowulandyrmak üçin ädiljek ädimler ikitaraplaýyn we üçtaraplaýyn görnüşde maslahatlaşylar.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!