“Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan” daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde “Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan” üçtaraplaýyn diýalogyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow gatnaşdy.

Türk metbugatyndaky habara görä, türk ministri duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda eden çykyşynda 3 ýurduň arasyndaky umumylyklaryň häzirki döwürde giň gerimli hyzmatdaşlyga öwrülendigini belläp, 2014-nji ýylda ýola goýlan üçtaraplaýyn diýalogyň sebitiň abadançylygyna we durnuklylygyna örän uly goşant goşýandygyny belledi.

Çawuşogly Türkmenistanda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulan “Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan” üçtaraplaýyn diýaolgyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň sammitini ara alyp maslahatlaşylandygyny we bu babatda degişli “ýol kartasynyň” ylalaşylandygyny aýtdy.

Duşuşykda ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny bellän Çawuşogly Owganystany kadalaşdyrmaga degişli meseleler boýunça pikir alyşmalaryň bolandygyny belledi.

Okap bilersiňiz  Türkmenistanlı Sanatçılar Ödüllendirildi

Türk ministri duşuşygyň örän netijeli bolandygyny belläp, 3 doganlyk ýurt bolup, koronawirus ýokanjyna garşy hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

“DOSTLUK” ÝATAGY KÖP ÝURDA PEÝDA GETIRER

Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow öz çykyşynda Türkmenistan bilen bilelikde özleşdiriljek Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň Türkiýäniň we Ýewropa ýurtlarynyň energetika howpsuzlygyna oňyn täsirini ýetirjekdigini belledi.

 

Prezident Ärdogan türkmen wekiliýetini kabul etdi

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy