Ankaradaky Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdan daşary ýokary derejedäki sammitinde çykyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ilkinji bolup goldan Türkiýe bolandygyny belledi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.
– Şondan bäri bilelikde ençeme işler bitirdik. Syýasatda, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda uly sepgitlere ýetdik. 2000-nji ýyldan bäri ýurdumyzda türkiýe işewürleriň gatnaşmagynda 110 milliard 382 million 53 müň dolalrlyk taslamalar we işler ýerine ýetirildi. Dek düýnüň özünde hem Aşgagabatda bahasy 1,5 milliard amerikan dollaryna golý bolan 3 sany durmuş ähmiýetli binalaryň düýbi tutuldy. Bu gurluşyklary hem türk işewürlerine berdik. Mundan beýläk-de şeýle işleri dowam ederis – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşyny dowam edip, egerde biz, ýagny Türki döwletler bolup, kada-kanunlarymyzy berkitsek, onda diwersifikasiýa syýasaty bilen türkmen ýylylygyny her bir türk doganlarymyzyň ojagyna ýetirip bileris, diýip belledi.
– Türkmenistan ilkinji nobatda türkmen gazyny Türkiýä ibermek baradaky meselä seretmäge taýýardyr. Bu diňe uglewodorod serişdeleri barada, energetika meselesi hakynda aýdylanda, gerek bolsa gaz turbasynyň gapdaly bilen elektrik toguny hem geçireris. Munuň üçin Türkmenistan taýýar. Şunuň bilen baglylykda, türkiýe hyzmatdaşlara şunuň ýly ençeme uly taslamalar garaşyar – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.