BIZNES

Türkmenistan TFCA sebit taslamasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklary ministri Begenç Goçmollaýew Gazagystan, Özbegistan we Türkmenistan boýunça GIZ-iň müdiri Ýoahim Frits bilen «Deutsche Gesellschaft für Internationale Zusammenarbeit (GIZ) GmbH» bilen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklary ministrliginiň arasynda 2024 — 2026-njy ýyllar aralygynda «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek» (TFCA) sebitleýin taslamanyň çäginde özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdi. Oňa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Bierhof hem gatnaşdy.

Germaniýanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş ministrliginiň Sebit taslamasy — GIZ tarapyndan söwda syýasaty, gümrük, serhet gözegçilik gullugy we milli pudagyň, şeýle hem hususy pudagyň wekilleri bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär. Onuň esasy maksady Merkezi Aziýa sebitinde söwda ugurlary boýunça serhetara söwdany ýeňilleşdirmäge gönükdirilip, esasanam, sanlylaşdyrma pudagynda sebitleýin çemeleşmeleri we bilimleri ösdürmekden ybaratdyr.

Begenç Goçmollaýew Türkmenistanyň sebit söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek borjuny tassyklady.

Ilçi Bierhoff öz çykyşynda sebitde we daşarda Türkmenistanyň söwda gatnaşyklaryny güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy.

Ýoahim Frits bu Ähtnama gol çekilmegi bilen Türkmenistanyň Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýurtlaryň we kompaniýalaryň artýan gyzyklanmasyna laýyk gelýän «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek» sebit taslamasynyň çäginde bäşinji ýurt boljakdygyny aýtdy.

Mundan başga-da, 11 — 13-nji mart aralygynda GIZ-iň wekiliýetiniň sapary wagtynda taraplar Ähtnamanyň amaly ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar we 2024-nji ýylda ylalaşylan maksatlara ýetmek üçin möhüm ädimleri bellediler. Ara alyp maslahatlaşmalarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we hususy pudak ýaly gyzyklanýan taraplaryň wekilleri bar.

Sebitleýin TFCA taslamasy durmuşa geçirilende, taraplar Merkezi Aziýada serhetara söwdanyň gülläp ösmegine goşant goşjak bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmäge umyt edýärler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 40 milliard 230 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşy

Eýranda 1.7 million awtoulag öndüriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň ikinji duşuşygy

Türkmenistanda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnalar

“Sanly karz” ulgamy hyzmaty ornaşdyrylýar