DÜNÝÄ

Türkmenistan TDG-niň Ýaşulular geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Ýaşulular geňeşiniň 13-nji mejlisine gatnaşdy. Bu mejlis Gyrgyz Respublikasynda geçirildi.

Gyrgyz Respublikasyndaky mejlise TDG-niň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym, Azerbaýjandan Hasan Hasanow, Gazagystandan Ikram Adyrbekow, Gyrgyzystandan Medethan Şerimkulow, Özbegistandan Bahtiýor Saýfullaýew, Türkmenistandan Rejep Bazarow we guramanyň baş sekretary Bagdad Amreýew gatnaşdy.

Gyrgyz Respublikasynyň ýaşulusy Medethan Şerimkulow türki dünýäsiniň ýaşulularyny gyrgyz topragynda kabul etmekden uly buýsan duýýandyklaryny belledi.  

TDG-niň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym Ýaşulular geňeşiniň şu ýylyň dowamyndkay ikinji mejlisini geçirýändiklerini belledi. Ol şu ýylyň 29-njy sentýabry-2-nji oktýabry aralygynda Türkiýäniň Bursa welaýatynda 4-nji Bütindünýä çarwadarlary oýunlarynyň geçirilýändigini belledi.

Binali Ýyldyrym bu oýunlaryň geljekde türki döwletleri we türk dünýäsi üçin Olimpiýa oýunlaryna öwrülip biljekdigini aýtdy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaşulular geňeşine kabul edilendigini mälim eden Binali Ýyldyrym: ” Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaşulular geňeşine kabul edilmeginiň geňeşiň işini güýçlendirýän möhüm ädim boldy. Halk Maslahatynyň Başlygynyň wekiliýetimize goşulmagy bize güýç berer” -diýdi.

Özbegistanyň ýaşulusy Bahtiýor Saýfullaýew Ýaşulular geňeşiniň 14-nji mejlisini geljek ýyl Özbegistanda geçirmek baradaky teklip bilen ýüzlendi.

Türkmenistandan bu geňeşiň mejlisine gatnaşan Rejep Bazarow Ýaşulular geňeşiniň 13-nji mejlisine synçy hökmünde gatnaşmagynyň goňşy döwletler we sebit ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmegi we pugtalandyrmagy maksat edinýän Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýene bir beýany bolup durýandygyny belledi.

Mejlisiň barşynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine görülýän taýýarlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Guramanyň baş sekretary Amreýew şu ýylyň 11-nji noýabrynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň geçiriljekdigini belledi.

Ýene-de okaň

Pakistanyň federal ministri Türkmenistanda saparda bolar

Putin Koreýanyň Liderine “Aurus” awtoulagyny sowgat berdi

Putiniň 24 ýyldan soňra amala aşyran sapary

Magtymgulynyň suraty ýerleşdirilen haly Bütindünýä gümrük guramasyna sowgat edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Polşa hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekişdi

Ata Watan Eserleri

Wladimir Putin Demirgazyk Koreýada saparda bolar

Ata Watan Eserleri