TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan-Tatarystan: täze ylalaşyklaryň üstünde işleýär

Tatarystan Respublikasynyň wise-premýeriniň orunbasary – senagat we söwda ministri Oleg Korobçenko Türkmenistan maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen duşuşdy. Bu barada Tatarystanyň degişli ministrliginiň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

Duşuşyk Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili Ruslan Kabirowyň we Tatarystan Respublikasynyň senagat kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Kazan Expo” Halkara sergi merkeziniň çäginde geçirildi.

Oleg Korobçenko häzirki ykdysady we syýasy ýagdaýda, adaty hyzmatdaşlarymyz we esasanam Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy berkitmegiň Tatarystanyň daşary söwda işlerinde ileri tutulýandygyny aýtdy.

“Biz Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösmegine uly ähmiýet berýäris we özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmekden hoşal. “KAMAZ”, “Tatneft”, Ak Bars gämi gurluşyk korporasiýasy, KER-Holding ýaly öňdebaryjy Tatarystanyň kärhanalary Türkmenistanda birnäçe iri we geljegi uly taslamalary durmuşa geçirýär “-diýdi.

Tatarystan Respublikasynyň wise-premýeriniň orunbasary Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň diňe bar bolan sebitler bilen çäklenmeýändigini aýtdy. Häzirki tapgyrda birnäçe şertnama baglaşmak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ulag, gämi gurluşygy, nebithimiýa, dokma senagaty, oba hojalygy, lukmançylyk, ylym we bilim pudagynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar 2022-nji ýylda türkmen-tatar bilelikdäki iş toparynyň 8-nji ýygnagy, şeýle hem Türkmenistanda Tatarystanyň Medeniýet günleri ýaly birnäçe bilelikdäki çäräni geçirmek babatda ylalaşdylar.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M. Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 25-nji Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Kazanyň halkara howa menzilinden Sankt-Peterburg şäherine uçdy.

 

Türkmenistanyň ilçihanasy Eýranda haýyr-sahawat çäresine gatnaşdy

Ýene-de okaň

Türkmenistan Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň maslahatyna gatnaşdy

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Teswirle