TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIMIŞ ORUNLARY & TENDERLER

Türkmenistan Täjigistanda mekdep gurar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň buýurmagynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň (binalar toplumynyň ) taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çäp edildi. 

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

Ýene-de okaň

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” bäsleşigine badalga berildi

Ata Watan Eserleri

«EKSPO-2025»:Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek

Dekabr aýynda halkara internet olimpiadalary geçiriler

Teswirle