Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana amala aşyran iki günlük döwlet sapary tamamlandy. Ikinji günüň maksatnamasyna laýyklykda, döwlet Baştutanymyz günüň birinji ýarymynda Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşdy. Şeýle-de täjik Lideri türkmen kärdeşini özüniň şäher etegindäki Warzob jülgesinde ýerleşýän «Takob» kabulhanasynda myhman aldy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berdi.
Dostlukly ýurduň Premýer-ministri bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda Duşenbe duşuşygynyň jemlerine ýokary baha berlip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Täjigistanyň biziň ýurdumyzyň möhüm daşary ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri hasaplanýandygyny aýdyp, türkmen-täjik gepleşikleri boýunça kesgitlenen anyk ugurlara ünsi çekdi. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, ulag ulgamy, önümçilik kooperasiýasy, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, oba hojalygy hem-de agrosenagat toplumynda özara hereketleri işjeňleşdirmek barada barýar. Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň we Täjigistanyň üstünden geçip, Merkezi hem-de Günorta Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň giň sebitlerini baglanyşdyrýan täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ulag ugruny kemala getirmegiň mümkinçiliklerine seretmegi teklip etdi. Şunda iki ýurduň arasynda göni we üstaşyr howa gatnawlaryny dikeltmek meselesiniň möhümdigine üns çekildi.
Gepleşikleriň barşynda dokma senagaty hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezilip, Türkmenistanyň Täjigistanyň çäginde türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagynda dokma fabrigini döretmek boýunça ilkinji synag taslamasyny durmuşa geçirmegiň mümkinçiligini öwrenmäge taýýardygy beýan edildi. Şeýle-de özara söwda gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, iberilýän we getirilýän harytlaryň sanawyny giňeltmegiň, eksport-import amallarynyň möçberini artdyrmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Duşenbe şäherinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Warzob etrabynyň tebigy gözelliklerini, haýran galdyrýan peýzažlaryny synladylar. Güneşli Täjigistanyň jana ýakymly howasyndan, bu künjegiň ajaýyplyklaryndan lezzet alyp, Prezidentler erkin, dostlukly ýagdaýda söhbet gurap, bilelikde resmi däl günortanlyk naharyny edindiler.
Täjigistan Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinden Watanymyza ugrady.