Şu gün Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde Türkmenistan-Täjigistan işewürler maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew hem-de Täjigistanyň wise-premýeri Usmonali Usmonzoda wekilçilik etdi.
Täjigistanyň wise-premýeri Usmonali Usmonzoda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysayd gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine ünsi çekdi.
Maslahatda berlen maglumatlara görä, 2022-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 52.9 million dollara deň boldy. Bu görkeziji 2021-nji ýylda deňeşdirilende, 2,3 esse artdy.
Maslahata her iki tarapdan 250-den gowrak wekiller gatnaşdy. Olaryň arasynda ministrlikleriň wekilleri bilen bir hatarda işewürler hem bar.
Forumyň çäklerinde ikiçäk duşuşyklar geçirildi we birnäçe ylalaşyklara gol çekildi.
Şeýle hem türkmen wekiliýeti Duşanbe şäherindäki senagat zolagyna aýlanyp gördi.