Türkmenistan-Täjigistan: 19 ylalaşyga gol çekildi

Türkmenistan bilen Täjigistanyň Prezidentiniň arasynda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleriniň jemleri boýunça köp sanly ylalaşyga gol çekildi.

Täjigistanyň resmi habarlar gullugynyň habaryna görä, iki ýurduň döwlet Baştutanlary bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Soňra iki ýurduň hökümet wekiliýetiniň arasynda 19 resminama gol çekildi:

  • Täjigistan Respublikasynyň Ykdysady ösüş we söwda ministrligi bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama;
  • 2021-2023-nji ýyllar üçin Täjigistan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasy;
  • Täjigistan Respublikasynyň Ykdysady ösüş we söwda ministrligi bilen Türkmenistanyň Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrliginiň arasynda Türkmenistanda we Täjigistan Respublikasynda söwda öýlerini döretmek baradaky şertnama;
  • 2022-2023-nji ýyllar üçin Täjigistan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky söwdany artdyrmak üçin ýol kartasy;
  • Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda Işewürlik geňeşini döretmek baradaky şertnama;
  • Täjigistan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda önümçilik pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk;
  • Täjigistan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk syýasaty boýunça hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk;
  • Täjigistan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda 2022-2024-nji ýyllar üçin medeniýet we sungat ulgamynda hyzmatdaşlyk maksatnamasy;
  • Täjigistan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda demir ýol ulaglary pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk;
  • Täjigistan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda harytlary we ýolagçylary daşamak, üstaşyr geçirmek baradaky şertnama;
  • Täjigistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda nebit önümlerini we suwuklandyrylan gazy daşamakda hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşyk;
  • Gurluşyk işlerine rugsatnamalaryň ikitaraplaýyn ykrar edilmegi bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki çäreleriň meýilnamasy;
  • Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Neşe serişdelerine gözegçilik gullugy bilen Türkmenistan Içeri işler ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk şertnamasy;
  • Täjigistan Respublikasynyň Sogd sebitiniň döwlet häkimliginiň ýerine ýetiriji guramasy bilen Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkimliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky şertnama;
  • Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk etmek baradaky şertnama;
  • Täjigistan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda ýaşlar syýasaty babatynda hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyk;
  • 2021-2023-nji ýyllar üçin Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamasy;
  • Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrligi bilen Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga gol çekildi.

Resmi gol çekişlik dabarasyndan soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlendiler. Döwlet Baştutanlary ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleriniň üstünlikli geçendigini belläp geçdiler.

 

Türkmenistan-Täjigistan: söwda gatnaşyklarynyň “ýol” kartasy düzüler

ÝENE-DE OKAŇ

Kenzo Takada 1939-njy ýylda Ýaponiýada dünýä inýär. Ol gyz jigileriniň okaýan žurnallaryny okap, moda bilen gyzyklanmaga başlaýar. Takada Tokionyň moda kolležleriniň birinde bilim alýar. Okuwyny tamamlap, Pariže gidýär, ol ýerde dizaýner bolup işleýär.1970-nji ýyldan başlap Takada zenanlar üçin üýtgeşik biçüwli egin-eşikleri taýýarlaýar,1983-nji ýylda erkekler üçin hem kolleksiýon dizaýn edýär.  Bäş ýyl soňra ilkinji atyryny halka hödürledi. 1970-nji ýylda döredilen “Kenzo”...
Google: Dünýäde iň köp ulanylýan programmadyr. Kompaniýalaryň gurujylary Larry Page, Sergey Brin Standford uniwersitetiniň ilkinji ýyllarynda hem kompaniýanyň zerurlygyny  bilýärdiler. Bu sebäpli hem kompaniýalaryna matematikada iň uly sanlaryň biri bolan “ Googol” adyny bermekçidiler. Emma Larry Pageiň “googol” ýerine “Google” diýip ýalňyş ýazmagy netijesinde häzirki google kompaniýasy “google” ada eýe boldy. Rolex: Häzirki wagtda iň köp ulanylýan sagatlaryň biridir. Ilkibadalar...
Russiýa Federasiýasy 5-nji oktýabrda  Jibuti, Daniýa, Täze Zelandiýa, Günorta Afrika we Peru bilen uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär. Ähli ýurtlardaky epidemiologik ýagdaýy göz öňünde tutup, 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan aşakdaky ýurtlar bilen yzygiderli uçuşlary iki taraplaýyn dowam etdirmek kararyna gelindi: Hindistan Moskwa - Goa, Sankt-Peterburg - Deli we Sankt-Peterburg - Goa  her ugurda hepdede bir gatnaw ýygylygy bolar, Ispaniýa...
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna  bagyşlanan ýurdumyzyň halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisi geçirildi. Sergä ýurdumyzyň ähli hususy kärhanalary öz önümleri bilen gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Türkmenbaşy jins toplumyň “Bedew” haryt nyşanly jins önümleri hem bar. Biz Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen şol ýerde bolanymyzda, Türkmenbaşy jins toplumyň baş direktory Begaliýew Baýrammyrat Allamyradowiç...
Hindistanyň saglygy goraýyş ministri Mansuh Mandawia ýurduň oktýabr aýynda “Covid” sanjymyny eksport edip başlajakdygyny habar berdi. Hindistan döwleti öz zerurlyklary we daşary ýurtlara eksport üçin aýda 300 milliondan gowrak dozada sanjym öndürmegi meýilleşdirýär. Dünýädäki iň uly sanjym öndürijisi, içerki islegi kanagatlandyrmak üçin aprel aýynda eksporty togtatdy. Şondan öň Hindistan dünýäniň 76 ýurduna 60 milliondan gowrak sanjym eksport etdi.     https://www.atavatan-turkmenistan.com/wise-premyer-s-berdimuhamedow-turkmenistan-senagat-taydan-osen-yurda-owruldi/
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
884FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar