TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmenistan suwuklandyrylan gaz eksport etdi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $1,8 million bolan 5 geleşik baglaşyldy. Bu barada biržanyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Owganystanyň telekeçileri söwdalarda suwuklandyrylangazyň jemi 4 müň tonnasyny satyn aldylar, bir tonnasynyň bahasy $465,50 bilen kesgitlenildi. Geleşigiň umymy bahasy $1 862 000 deň boldy.

Eksporta ugradylan suwuklandyrylan gaz Türkmenistanyň Balkan welaýatynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürildi.

Şeýle hem, 4-nji oktýabrda TDHÇMB-niň söwdalarynda içerki bazarda ýerli işewürler 5,2 müň manada elde dokalan türkmen halylaryny satyn aldylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle