TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

«Türkmenistan: Sport» gyzykly sport ýaryşlaryny hödürleýär

Indi birnäçe ýyldan bäri dünýäniň öňdebaryjy futbol çempionatynyň duşuşyklaryny we sportuň beýleki görnüşleri boýunça iri ýaryşlary göni ýaýlymda alyp görkezýän «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy ilkinji tapgyrlaryndan başlap, Ispaniýanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň duşuşyklaryny hem futbol muşdaklaryna hödürleýär.

Şeýle hem şu hepdäniň dynç günlerinde Fransiýanyň çempionatynyň duşuşyklary we «Formula 1» halkara ýaryşynyň Italiýa tapgyry göni ýaýlymda görkeziler.

«Turkmentv.gov.tm» hem-de «Tff.com.tm» saýtlarynda berilýän maglumatlara görä, ýaýlymda şu hepde görkeziljek futbol duşuşyklary we «Formula 1» ýaryşy şu tertipde:

10-njy sentýabr:

23:55, Fransiýanyň çempionaty — Liga 1, «Lans» — PSŽ.

11-nji sentýabrda:

23:55, Fransiýanyň çempionaty — Liga 1, «Bordo» — «Lion».

12-nji sentýabrda:

17:55, Formula 1, Italiýa Gran-Prisi.

18:55, Ispaniýanyň çempionaty — La liga, «Eýbar» — «Selta» (duşuşyk «Formula 1» ýaryşy tamamlanansoň başlar).

23:55, Ispaniýanyň çempionaty — La liga, «Kadis» — «Osasuna».

13-nji sentýabrda:

15:55, Fransiýanyň çempionaty — Liga 1, «Lill» — «Metz».

18:05, Formula 1, Italiýa Gran-Prisi.

21:25, Ispaniýanyň çempionaty — La liga, «Wilýarreal» — «Ueska».

23:55, Fransiýanyň çempionaty — Liga 1, PSŽ — «Marsel».

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Katar -2022: nobat 1/4 finalda

Katar-2022: rekordlaryň çempionaty

Katar-2022: 36 ýyldan soňra Marokkonyň üstünligi

Teswirle