TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan saýlawlara taýýar

Ertir Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Bu saýlawlaryň öňüsyrasynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka taýýarlyk işleri barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparynyň binasynda halkara žurnalistler üçin brifing geçirildi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparynyň başlygynyň orunbasary Amangeldi Gandymow ýurdumyzdaky daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyp, olara saýlawlara görlen taýýarlyk işleri barada giňişleýin maglumat berdi.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem gatnaşan brifinginde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan ýurdumyz boýunça saýlaw uçastoklarynyň 2644-si döredilip, şol saýlaw uçastoklarynyň 42-si Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda gurnaldy.

Saýlaw uçastoklarynyň 240-syny  wideokameralar bilen enjamlaşdyryldy we ses berlişi 26-njy martda ir sagat 7-den agşam 19-a çenli Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda göni görkeziler.

Saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk, demokratik esaslarda geçirilýändigine halkara guramalarynyň, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň,  Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň,  Türki Döwletleriň Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we ýurdumyzdaky daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň wekilleriniň halkara synçylar hökmünde gatnaşýandygy bellenildi. Halkara synçylarynyň sanynyň 80 töweregi bolmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň jemi 175-si, raýatlaryň toparlary tarapyndan bolsa  83-si hödürlenildi we bellige alyndy.

Saýlawlar gününe çenli 18 ýaşyny doldurýan, ilkinji gezek ses berjek ýaş saýlawçylaryň sany 75606 adamdan ybaratdygy mälim edildi.

Brifingden soňra halkara žurnalistler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen 2-nji saýlaw uçastogyna hem-de Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebindäki saýlaw uçastogyna baryp, saýlawlara görlen taýýarlyk işlerini ýerinde syn etmek mümkinçiligine eýe boldular.

Umuman, ýurdumyzda ertir geçiriljek saýlawlarda saýlawçylaryň  3 million 500 milliona golaýy öz sesini bererler.

Ýekşenbe güni ýurdumyzda we daşary ýurtlarda saýlaw uçastoklarynyň 2644-si ir sagat 7:00-da öz gapylaryny açar. Saýlawlar gününi aýdym-saza besläp, saýlaw uçastoklarynda döredijilik toparlarynyň çykyşlary guralar.

Ýene-de okaň

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Teswirle