SIZDEN GELENLER

Türkmenistan sagdynlygyň mekany

Şanly ýeňişler ýar Watana bu gün,

Sport şugla saçýar jahana bu gün,

Ruhumyz belentde, galkynýar göwün,

Türkmenistan — sagdynlygyň mekany.

 

Ussat türgenlere ýeňiş garaşýar,

Bu diýara şanly toýlar ýaraşýar,

Maksatlarmyz myradyna gowuşýar,

Türkmenistan — sagdynlygyň mekany.

 

Dünýä şugla Watanyň her säheri,

Berk bedenli nesil döwrüň bahary,

Sportymyz nura beslär  Jahany,

Türkmenistan — sagdynlygyň mekany.

 

Sport binalaryň ajaby sende,

Bagtyýar ýaşaýşyň açary sende,

Ömürleň, göwünleň hyjuwy sende,

Türkmenistan — sagdynlygyň mekany.

 

Ak arzuwlar, ak ýürekden edilýär,

Kämilllige yhlas bilen ýetilýär,

Arkadag sporta şöhrat getirýär,

Türkmenistan — sagdynlygyň mekany.

 

Aýjemal GAÝLYÝEWA, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

Ýene-de okaň

Psihologiýa we kämil bilim

Ata Watan Eserleri

Himiýa senagatynyň milli ykdysaydýetdäki orny uludyr

Ankara uniwersitetinde Magtymgulyny öwreniş sapagy

Bilimli nesil – Watanyň daýanjy

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynda dilleriň goşandy

Ýapon diliniň ähmiýeti