TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Şu gün Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynda saparda bolar. Türkmen wekiliýeti ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň öňüsyrasynda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi resmi saýtynda beýanat çap etdi. Şol beýanatda şu gün Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda duşuşyk göz öňünde tutulandyr.

– Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýa sebitindäki strategik hyzmatdaşydyr. Şu ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýaysna amala aşyran saparynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakyndaky Jarnama köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek we pugtalandyrmak babatda iki tarapyň hem ygrarlydygyny görkezdi – diýlip, Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň maglumat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Türkmen wekiliýetiniň bu saparynda söwda-ykdysadym medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlaryndkay gatnaşyklar maslahatlaşylar. Sebit we halkara meseleleri, şol sanda Owganystandaky ýagdaýlar, halkara derejesindäki, ilkinji nobatda GDA, BMG, “Merkezi Aziýa+Russiýa”, “Hazar bäşligi” ýaly meýdançalardaky gatnaşyklar boýunça pikir alyşmalar bolar.

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. 2022-nji ýylyň 8 aýynda söwda dolanyşygy 474,8 million deň boldy. 2019-njy ýylyň aprelinde “Gazprom” türkmen tebigy gazyny satyn almagy täzeden ýola goýdy we iberilýän gazyň möçberi her ýyl artdyrylýar.

Moskwa bilen Aşgabat howply ýokanç kesellere garşy göreşmek babatda hem hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan Russiýa tarapyndan işlenip düzülen “Sputnik V”, “EpiwakKorona” we “Sputnik Laýt” ýaly koronawirus sanjymlaryny ilkinjileriň hatarynda hasaba aldy. Geçen ýyl Aşgabada 330 müň toplum “Sputnik V”, 2022-nji ýylyň ýanwarynda bolsa, 800 müň doza “Sputnik Laýt” sanjymy iberildi.

Medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamyndkay gatnaşyklar ösdürilýär. Häzirki wagtda Russiýada 30 müňden gowrak türkmen talyby bilim alýar.

Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetini döretmek babatda iş alnyp barylýar.  Aşgabatda türkmen-rus bilelikdäki mekdebi hereket edýär. Kiçi synplar üçin mekdebiň ýanynda goşmaça bina gurmak mümkinçiligine seredilýär.

2023-nji ýylda birnäçe mednei çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Türkmenistanda Russiýanyň Medeniýet günleri, kino günleri, şol sanda teatr artistleriniň alyş-çalşygyny guramak göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Portugaliýa ilçi belledi

Nazarbaýew Halk Maslahatynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministrine täze orunbasar bellendi

Ata Watan Eserleri

Teswirle